Güneşe baý tomus paslynda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküsi ýurdumyzyň gözelligine görk goşýar. Okuw möwsümini tamamlan çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesindäki hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şadyýan dynç alýarlar.
Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillere oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Merkezlerde ýörite lukman otaglary bolup, olarda çagalaryň oýnaýan ýerlerinde, howuzlarda düýpli arassaçylyk işleri geçirilip, olaryň iýmitleriniň tagamnamasy lukmanlar bilen maslahatlaşylyp düzülýär.
Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençleri hem meýilleşdirilýär.
Ýaş nesilleriň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri olaryň ruhy we fiziki taýdan kämilleşmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň, ata Watanymyza bolan söýgüsiniň has-da artmagyna, täze okuw ýylyna ruhubelent gadam basmaklaryna ýardam edýär.