Emeli aň bilen işlemek üçin diňe bir taýýar sowal ýazmagy bilmek ýeterlikmi? Ýaş programmaçy kodyň hiline, howpsuzlygyna we öz hünär ösüşine nähili çemeleşmeli? Şu soraglar 22-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek «DevFest Ashgabat 2026» maslahatynyň möhüm mowzuklarynyň arasynda bolar.
Çärede täze işe başlan hünärmenler üçin emeli aň döwründe programma döretmegiň ýoluny görkezýän çykyşlaryň, programma üpjünçiliginiň howpsuzlygy boýunça amaly sapagyň guralmagy we startap gurmak baradaky gürrüňdeşligiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, gatnaşyjylar täze gurallary öwrenmek bilen birlikde, olaryň nirede peýdaly, nirede bolsa goşmaça barlagy talap edýändigine hem düşünip bilerler.
«DevFest» diňe tejribeli programmaçylar üçin niýetlenen duşuşyk däl. Ol talyplar, tehnologiýa höwesjeňleri we bu ugurda öz ýoluny gözleýän ýaşlar üçin hem açyk. Çäräniň möhüm taraplarynyň biri çykyş edýänler we beýleki gatnaşyjylar bilen pikir alyşmak mümkinçiligidir.
«GDG Ashgabat» meýletinçiler jemgyýeti tarapyndan altynjy gezek guralýan bu duşuşykda 150-den gowrak gatnaşyja garaşylýar. Çäre «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde geçiriler.
Gatnaşmak mugt, ýöne öňünden hasaba durmak zerur.
Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: https://gdg.community.dev/events/details/google-gdg-ashgabat-presents-devfest-2026-ashgabat/
