Müsürde badalga alýan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Türkmenistana dokuz türgen wekilçilik eder. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) habar bermegine görä, zenanlaryň bäsleşiginde bäş, oglanlaryň arasyndaky ýaryşlarda bolsa dört türgenimiz çykyş eder.
Bäsleşikler Sues kanalynyň dolandyryş müdiriýetiniň klubunyň zalynda geçiriler.
Milli ýygyndymyzyň zenanlar toparynda Ogulşat Amanowa we Şabnam Kerimbaýewa (53 kg çenli), Medine Amanowa (63 kg çenli), Asal Kerimbaýewa (77 kg çenli) hem-de Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) dagy medallar ugrunda bäsleşer. Ýygyndy toparyň erkekler düzüminde bolsa Didarbek Jumaýew (79 kg çenli), Yslam Akmyradow (94 kg çenli), Süleýman Jafarow (110 kg çenli) we Saparbaý Atajanow (110 kg-dan ýokary) Müsürde agyrlygy boýun egdirmekdäki ussatlyklaryny görkezerler.
Geçen ýyl Lima (Peru) şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy iki altyn medal bilen toparlaýyn hasapda 14-nji orny eýeläpdi. Ýokary derejeli orunlary 87 kg çenli agram derejesinde itekläp götermekde (141 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (249 kg) Anamjan Rustamowa gazanypdy.
