Korol Karl III sişenbe güni Berkşirde geçirilen dabaranyň dowamynda Dewid Bekhama rysarlyk derejesini berdi. Şeýlelikde, onuň ady korolyň doglan güni mynasybetli sylaglara mynasyp bolan adamlaryň resmi sanawyna girizildi. Bu barada Russiýanyň «BBC» habarlar gullugy beýan etdi.
Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky kapitany Dewid Bekham Windzor galasyna aýaly Wiktoriýanyň taýýarlan nusgalary boýunça tikilen penjekde geldi. Wiktoriýanyň özüniň hem moda pudagyndaky hyzmatlary üçin 2017-nji ýylda Britaniýa imperiýasynyň Ordeniniň ofiseri ady bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.
50 ýaşly Bekham öz nesliniň iň abraýly futbol ýyldyzlarynyň biridir.

