20-nji aprelda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradowyň hem-de Ada Gutlyýewiň ähli sungat muşdaklary üçin niýetlenen «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!» atly bilelikdäki sergisi geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň il ýaşulusy, halypa heýkeltaraş, suratkeş-grafikaçy Babasary Annamyradowyň gaýtalanmajak heýkelleri çuň many-mazmuny hem çeperçilik derejesi bilen halkymyň ýüreginde ebedi ýaşaýar. Ada Gutlyýewiň awtorlyk işleri — haly eserleri bolsa halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, gymmatlyklaryny şöhlelendirmek bilen milli medeniýetimiziň öwüşginlerini özboluşly usulda dünýä ýaýýar.
Sergi Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda geçiriler.
Ajaýyp sergi sagat 16:00-da başlanýar.