166 million ýyllyk taryhy bolan yzlar arkaly dinozawrlaryň hereketi dikeldildi

MilliInfo

15 Oktýabr, 2025

Alymlar Beýik Britaniýada Oksfordyň golaýyndaky «Dýuars Farm» käninde dinozawrlaryň 166 million ýyl ozalky 200 töweregi aýak yzyny tapdylar. Bu yzlar ot iýýän äpet zawropodlara we ýyrtyjy megalozawrlara degişlidir. Alymlar olaryň hereketini animasion modeller arkaly dikeltdiler.

2023-nji ýylda ýerdäki adaty bolmadyk nätekizlikleri ilkinji bolup Geri Jonson atly işçi gördi. Soňra munuň gadymy süýrenijileriň ýaşan iň uly ýerinden geçen dinozawrlaryň aýak yzlarydygy anyklandy. Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunda gazuw-agtaryş işlerine başladylar we onuň dowamynda bäş dürli ýodany tapdylar. Olaryň iň uzyny 150 metre ýetýär.

Zawropodlaryň 90 santimetr uzynlykdaky yzlarynyň arasynda uzynlygy 65 sm bolan iri ýyrtyjy megalozawrlaryň yzlary hem bar. Çygly toprak ýaly üýtgeşik ýer şertleri yzlaryň şekilini saklanmagyna  kömek edipdir. Şeýle tapyndylar alymlara dinozawryň özüni alyp barşy, hereketi we jemgyýetçilik gurluşlary barada gymmatly maglumatlary berýär hem-de bu gadymy jandarlaryň daşky gurşaw bilen nähili täsirleşendigine has gowy düşünmäge kömek edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info