Dostluk diplomatiýasy: Hindistanyň ilçisi medeni maksatnama bilen Mary welaýatynda saparda boldy

MilliInfo

20-21-nji fewralda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Bandaru Wilsonbabunyň Mary şäherine sapary boldy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky sebitara gatnaşyklaryň we medeni alyş-çalşygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň häkimleri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitleriň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Mary welaýaty bilen Hindistanyň bäş iri sebitiniň – Andhra-Pradeş, Gujarat, Madhýa-Pradeş, Maharaştra we Rajastan ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýörite çäre geçirildi.

«Belent» söwda we dynç alyş merkezinde Hindistanyň kino festiwalynyň açylmagy saparyň iň ýatda galyjy medeni çäresi boldy. Dabaraly çärä welaýat häkiminiň orunbasary gatnaşdy. Festiwalyň maksatnamasynda dürli žanrlardaky we dürli döwürlere degişli bolan 8 film bar.

Saparyň maksatnamasy sport notasyi bilen tamamlandy. Hindistanyň ilçisi sebitiň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýolbaşçysy bilen bilelikde ýoga boýunça ýörite okuwa gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de ynsanperwer ýakynlaşmagyň ähmiýetini nygtady.

Ilçiniň Mary şäherine amala aşyran sapary Hindistanyň Türkmenistan bilen köpýyllyk dostlukly gatnaşyklara berýän uly ähmiýetini görkezýär. Hindistan özüniň «Giňeldilen goňşuçylyk» syýasatyna we gadymy «Wasudhaýwa Kutumbakam» («Dünýä — bir maşgala») pelsepesine eýerip, Türkmenistan bilen ösüş tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info