Düýn — 25-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de ähmiýetini belledi.
O.Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ýardam berýär.
«Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir» diýip, O.Atabaýewa belledi.
Bu ýerde gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, ilkinji nobatda, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn lukmançylyk, durmuş hyzmatlarynyň amala aşyrylýandygyny nygtaldy. Geçen ýyllaryň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dürli lukmançylyk operasiýalarynyň ýüzlerçesi geçirilip, çagalaryň saglygy dikeldildi.
Narine Saakýan gaznanyň alyp barýan işlerine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.
Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň ugurdaş düzümleriniň hatarynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyn gatnaşyklaryň saklanylýandygyny, geçen ýylyň dekabrynda gol çekilen Ähtnama esasynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdirilýändigini aýtdy.
***
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
O.Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesini belledi.
Ilçi soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýtdy we şu ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň ähmiýetini nygtady.
O.Atabaýewa geçen ýylyň awgustynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin hytaý tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Mundan başga-da, çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.
***
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanda Palestina Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş we howpsuzlyk ugrunda çykyş edýändigini, bu düşünjeleriň çagalaryň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy.
Diplomat gaznanyň alyp barýan işiniň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi hem-de Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ilçi gaznanyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde köp işleri alyp barýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan çagalar baradaky syýasatynyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ilerledilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda O.Atabaýewa geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň işine gatnaşandygy üçin ilçä hoşallygyny beýan etdi. O.Atabaýewa gaznanyň halkara derejedäki ynsanperwer işlere hem aýratyn üns berýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
