Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow 16-njy iýunda Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriň maslahatyna gatnaşdy.
Çärä şeýle hem Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyny, jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
