17-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar.
Iki döwletiň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berildi. Şunda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze mazmun bermäge özara gyzyklanma bildirildi.
