Şu gün — 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar.
Söhbetdeşligiň çäklerinde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem halkara we sebit meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem döwletara dialogy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen öňde duran bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ony täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.
