Parižden Daşkende çenli: Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri guradylar

MilliInfo

3 Iýun, 2026

Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan birnäçe köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi.

Olar sagdyn durmuş ýörelgesini, ekologiýa meselelerini wagyz etmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Bu sport çärelerine ilçihanalaryň işgärleri, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişleriň gerimi örän giňdir: olar Parižde, Ankarada, Tbiliside, Astrahanda, Buharestde, Dubaýda, Daşkentde, Bişkekde we başga-da birnäçe şäherlerde geçirildi.

Geçirilen çäreler Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmäge we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Belläp geçsek, Bütindünýä welosiped güni 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy bilen resmi taýdan esaslandyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info