Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine Türkmenistanyň dalaşgärleri üçin onlaýn synaglar: hasaba alyş 18-nji aprele çenli

MilliInfo

5 Aprel, 2026

Türkmenistandan Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň döwlet tarapyndan hödürlenýän sany boýunça bakalawr we hünärmen maksatnamalaryna okuwa girmek isleýänler üçin saýlama synaglary proktoring ulgamyny ulanmak arkaly uzak aralykdan (onlaýn) geçiriler.

Ähli çäreler şu portalda amala aşyrylar: https://malun.kpfu.ru/rs

Näme etmeli?

Portalda şahsy kabineti bellige aldyrmaly.

Bellige alyşda diňe «education-in-russia.com» saýtynda hasaba alnan wagtyňyz görkezilen elektron poçtany ulanmak talap edilýär.

Üns beriň!

Şahsy kabineti işjeňleşdirmek baradaky hat «Spam» ýa-da «Bildirişler» (Рассылки) bukjasyna düşüp biler, şonuň üçin olary barlamagy unutmaň.

Möhleti: 2026-njy ýylyň 18-nji apreline çenli (şol gün hem degişli).

Möhüm seneler: 2026-njy ýylyň 8-nji (çarşenbe) we 18-nji (şenbe) apreli — synag birikmeleriniň geçirilýän günleri.

Şol gün enjamlaryňyzyň işleýşini barlap we onlaýn-test ulgamy bilen tanşyp bilersiňiz.

Synag birikmesi üçin salgy şahsy kabinetde elýeterli bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info