26-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Watanymyzyň geljegi bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary bilen başlandy.
Çagalaryň Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikdäki şatlykly çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi. Çagalary goldamak we höweslendirmek, olary nurana geljegi nazarlaýan ýagşy işlere ugrukdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli çagalara toý sowgatlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bagtyýar zamanada halkymyzyň köpasyrlyk däplerine eýerilip, haýyr işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.
Maslahat köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda parahatçylyk we rowaçlyk baradaky päk arzuwlara uly orun berildi. Dabara gatnaşan ene-atalar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy ajaýyp dabara gatnaşan çagalaryň ählisi üçin ýakymly boldy. Bagtyýar çagalar sowgatlary uly buýsanç we çuňňur hoşallyk bilen kabul etdiler.
Baýramçylyk sowgatlaryny kabul eden çagalar hoş owazly aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
