Dmitriý Biwol çempionlyk derejesini goramak üçin ringe çykýar

MilliInfo

Şu gün boks boýunça sabyrsyzlyk bilen garaşylan professional duşuşyk geçirilýär. Ýarym agyr agramda  WBA-nyň, IBF-iň hem-de WBO-nyň çempiony Dmitriý Biwol 28 ýaşly nemes türgeni Mihael Aýfertiň garşysyna ringe çykýar.

Ýeri gelende bellesek, russiýaly türgen professional ringdäki ilkinji ýeňşini 2015-nji ýylda gazanypdy. Ol 2017-nji ýylda ýarym agyr agram derejesinde dünýä çempiony, 2025-nji ýylda bolsa Artur Beterbiýew bilen bolan jogap duşuşygyndan soň gaýtadan dünýä çempiony bolmagyň hötdesinden geldi. Özüniň iň soňky söweşinde — rewanş duşuşygynda hem Artur Beterbiýewi ýeňlişe sezewar etdi. Aýfert bolsa Dmitriý bilen bolan söweşe bassyr ýedi ýeňşi özünde jemleýän netijeli tapgyr bilen geldi.

Russiýa wekilçilik edýän 35 ýaşly türgen agram derejesine garamazdan, dünýäniň iň güýçli boksçularynyň (P4P) öňdäki bäşligine girýär. Ol golaýda dünýäniň absolýut çempiony boldy.

Nobatdaky duşuşyk Dmitriý üçin 2021-nji ýylyň dekabryndan bäri Russiýada geçirýän ilkinji söweşdir. Şeýlelikde, Aýfert IBF (Halkara boks federasiýasy) ugry boýunça dünýä çempiony adyna hökmany dalaşgärdir.

 Ýekaterinburgyň «UGMK-Аrena» atly arenasynda geçirilýän «RCC Boxing Promotions» boks agşamynyň esasy wakasyna öwrüljek duşuşyk şu gije Aşgabat wagty bilen 23:30-da başlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info