Frankfurtda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy geçiriler

MilliInfo

30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Iki günlük meýilnama Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurdunyň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän bilermenler toparlaryny özünde jemlär.

Germaniýa we Türkmenistan strategik ähmiýete eýe bolan maliýe hem bank hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we nebithimiýa senagaty, oba hojalygy, dokma hem-de ýeňil senagaty ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi maksat edinýär.

Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder.

Bu ýerde bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berler. 

Çäräni Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmen maslahatçylar topary» hojalyk jemgyýeti guraýar.

Guramaçylar işewürleri, maýadarlary hem-de bilermenleri Türkmenistanyň Germaniýadaky Ykdysadyýet günlerine çagyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo