Gruziýada geçen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Wano Sarajişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerе gruzin ýokary okuw mekdebiniň rektory Georgi Watçinadze, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory gatnaşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda ýokary sazçylyk bilimi ulgamynda tejribe alyşmagy, bilelikdäki konsert maksatnamalaryny guramagy we talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Saparyň dowamynda türkmen wekilleri üçin konserwatoriýa boýunça syýahat guraldy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen sazandasy Aşyr Aşyrow Tbilisi konserwatoriýasynyň uly zalynda Çary Nuryýewiň eserini ýerine ýetirdi.
