CAFA-nyň Kubogy 2025-iň başlanmagyna 10 gün galdy

MilliInfo

19 Awgust, 2025

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary 29-njy awgust — 8-nji sentýabr aralygynda iki şäherde — Duşenbe (Täjigistan) hem-de Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriljek CAFA Milletler Kubogy 2025-e gatnaşar.

Türkmen ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň şägirtleri «А» toparçada çykyş edýärler. Olaryň ähli duşuşyklary Daşkentde geçer. Türkmen toparynyň garşydaşlary Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bolar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklarynyň senenamasy:

  • 30-njy awgust — Gyrgyzystan bilen,

  • 2-nji sentýabr — Özbegistan bilen,

  • 5-nji sentýabr — Oman bilen.

«B» toparçada bolsa Eýranyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Hindistanyň ýygyndy toparlary çykyş edýär. Toparçanyň ähli duşuşyklary Duşenbe şäherinde geçiriler.

Toparçalarynda birinji ýeri eýelemegi başaran ýygyndy toparlar finalda, ikinji orna mynasyp bolan ýurtlar bolsa bürünç medal ugrunda geçiriljek duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Final we üçünji orun ugrundaky duşuşyk 8-nji sentýabrda guralar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo