Noýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçiriler. Bu barada 14-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

