«Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary 7-nji Hytaý Sinszýan halkara milli tans festiwalyna gatnaşýar

MilliInfo

2 Awgust, 2025

Golaýda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň paýtagty Urumçi şäherinde 7-nji Hytaý Sinszýan halkara milli tans festiwalynyň açylyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

5-nji awgusta çenli dowam etjek festiwala Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, ABŞ, Italiýa, Kamboja ýaly döwletler bilen birlikde, biziň ýurdumyz hem gatnaşýar. Festiwalda dürli ýurtlardan 24 topar, şeýle hem Hytaýdan 16 tans topary çykyş edýär.

Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Döwlet geňeşiniň maglumat bölümi hem-de Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň halk hökümeti tarapyndan guralan bu festiwal 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň maksatnamasy tans dramalaryny, operalary, balet we häzirki zaman tanslaryny öz içine alýar. Tans festiwalyna biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary gatnaşýar. Bu toparyň Hytaýyň Karamaý şäheriniň Halk sungaty muzeýinde eden çykyşy hytaýly tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Milli lybaslaryň, nepis şaý-sepleriň owadan aýdym-sazlar, tanslar bilen sazlaşygy sungatyň we dost-doganlygyň güýjüniň ýalkymy bolup köňüllere doldy.

Konsertde «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary bilen birlikde, zehinli aýdymçylar Bahar Annaýewa, Rüstem Hallyýew dagy hem tomaşaçylary joşgunly aýdymlary bilen begendirdiler.

Şeýle medeni çäreler bütin dünýäde dost-doganlygy berkitmekde, sungaty, medeniýeti ösdürmekde, bu ugurda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Şunda sungatyň üsti bilen adamlar ýürek ýylysyny paýlaşýarlar. Onuň gaýtalanmajak güýji hem şondadyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info