Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynyň hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduny Ak tamda kabul etdi. Prezident hem-de taryha giren futbolçy Donald Trampyň rezidensiýasynda gezelenç etdiler. Bu duşuşyk hakyndaky wideorolik Ak tamyň metbugat gullugynyň «X» sosial torunda ýerleşdirildi.
Rolikde «Taryhyň iň beýik iki ägirdi. CR7 x 45/47» — diýen ýazgy bellenipdir. Wideoda Tramp bilen Ronaldunyň Ak tamyň surat galereýasynyň öňündäki şekilleri görkezilýär.
Ýeri gelende bellesek, Kriştianu Ronaldu Ak tamda Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammad ibn Salmanyň 18-nji noýabrdaky Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň hormatyna guralan ýörite agşamlyk naharyna aýaly Jorjina Rodriges bilen bilelikde bardy. Duşuşykda Donald Tramp öz ogly Berronyň portugaliýaly futbolçynyň hakyky janköýeridigini belledi.
«Kriştianu Ronaldu — taryhda iň beýik futbolçy» — diýip, duşuşykdan soň bellän Donald Trampyň sözlerini «Fox News» neşiri sosial tory boýunça futbol muşdaklaryna ýetirdi.






