Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini 6-njy noýabrda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Amerikanyň Prezidenti Donald Trampdan hat gelip gowuşdy. Bu barada «TDH» habar berdi.

Hatda şeýle sözler beýan edilýär:

Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo