Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy mynasybetli hem-de raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «TDH» habar berýär.
Şunlukda, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry iş güni däl diýlip yglan edildi.
2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç güni bolsa 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirildi.
Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmelidirler.
