Dörediji ýaşlaryň arasynda publisistik makalalary, hekaýalary, goşgulary ýazmak bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

28 Oktýabr, 2025

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu barada «Nesil» gazetiniň şu günki — 28-nji oktýabrdaky sanynda bildiriş berildi.

Bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgelerini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — publisistik makalalary, hekaýalary, goşgulary ýazmak boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, hemişelik Bitaraplygymyzy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän döredijilik eserlerini 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportyň nusgasy, 2 sany 3x4 ölçegdäki fotosurat, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Hödürlenen döredijilik eserleriniň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilik eserleri üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:

Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.

E-mail salgysy: nesil-gazeti@sanly.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info