Türkmen boksçusy Döwlet Yslamow 30-njy mart — 10-njy aprel aralygynda Ulan-Batorda «World Boxing» guramasynyň howandarlygynda geçirilýän Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy boldy. Bu giň gerimli ýaryş yklymyň dürli ýurtlaryndan gelen we 20 agram derejesinde çempionlyk ugrunda bäsleşýän iň güýçli türgenleriň 194-sini bir ýere jemledi.
Ýokary agram derejesindäki ýarym final tutluşygynda Yslamow Gazagystanyň wekili Aýbek Oralbaý bilen duşuşdy. Dartgynly geçen duşuşygyň netijesinde eminler ýeňşi gazagystanly boksça berdiler. Şunlukda, netijä garamazdan, türkmen türgeniniň ussatlygy onuň garşydaşynyň ýokary bahasyna eýe boldy.
Duşuşykdan soň Aýbek Oralbaý bilelikdäki türgenleşikleriň üsti bilen tanaýan boksçusy Yslamowyň uly ösüşlerini belläp geçdi:
«Biz Şimkentde bilelikde türgenleşik ýygnanyşygyny geçdik. Türkmen boksçusy şonda biziň bilen türgenleşdi. Bilelikde sparring (türgenleşik söweşleri) geçenimiz ýadymda. Ol gowy sport formasynda, şu gün bolsa sparringlerden hem gowy boks görkezdi. Sebäbi, ol has-da kämilleşipdir we ykjam taýýarlanypdyr. Bu ýerde gowşak garşydaş ýok — hemmesi güýçli».
Gazanylan bürünç medal Döwlet Yslamowyň taýýarlygynyň ýokary derejesini hem-de onuň Aziýa boksunyň öňdebaryjylary bilen deň derejede bäsleşmäge ukyplydygyny subut edýär.