«Aw» başa bardy: Döwletjan Ýagşymyradow awstraliýaly güýçli garşydaşyny ahmyrda goýdy

MilliInfo

Geçen agşam garyşyk söweş sungatynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow «PFL Belfast» ýaryşynda nobatdaky taryhy ýeňşini gazandy. Ýaryş agşamy «SSE Arena» sport toplumynda boldy. Ildeşimiz esasy kardyň çäginde «UFC-niň» öňki söweşijisi, awstraliýaly Taýson Pedro bilen oktagona çykdy.

Tutluşyk üç raundlap dowam etdi we türgenleriň ikisi hem dartgynly ýagdaýlary döretmegi başardylar.

Duşuşygyň başynda artykmaçlyk türkmen pälwanynyň tarapynda boldy. Muňa garamazdan, ol jemleýji raundda çynlakaý garşylyga duçar boldy.

Söweşiň ýeňil bolmandygyna garamazdan, türkmen türgeni özüniň sowukganlylygyny görkezdi we üçünji raundyň ahyrynda garşydaşyny partere geçirmegi başardy. Bu bolsa Ýagşymyradowa tapawudy artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, ähli raundlaryň netijesi boýunça eminleriň üçüsi hem Türkmenistanyň wekiliniň 29–28 hasaby bilen ýeňiş gazanandygyny ykrar etdiler.

Bu ýeňişden soňra Ýagşymyradowyň professional rekordy 26–8–1 boldy. Türkmen türgeniniň garşysyna geçirilen tutluşyk Taýson Pedro üçin «UFC-däki» karýerasyny tamamlansoň «PFL» ligasyndaky şowsuz debýut boldy.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info