Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) meşhur türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýen resmi derejä eýe boldy.
Degişli resminamany gowşurmak dabarasy BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Ony türgene Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew gowşurdy.
Ýagşymyradow sebitiň iň şowly professional söweşijileriniň biri bolup, onuň hasabynda halkara meýdançalarynda gazanylan 26 ýeňiş bar. Onuň bilen bilelikde hoşniýetli ilçi diýen hormatly derejä agyr agramda çykyş edýän meşhur russiýaly MMA söweşijisi Aleksandr Wolkow hem mynasyp boldy. Atly-abraýly türgenlere şeýle möhüm wezipäniň ynanylmagy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ýurtlary we halklary birleşdirýän sportuň gymmatlyklaryna gönükdirdi.
BMG-niň Dostluk oýunlaryny geçirmek başlangyjynyň Türkmenistana degişlidigini bellemek gerek. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy bu ýaryşlaryň her ýylky formatyny döredýän Kararnamany resmi taýdan kabul etdi.
Şu ýyl ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülen Dostluk oýunlary üçünji gezek geçirildi.
