Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) türkmenistanly ussady Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky duşuşygyny awstraliýaly Taýson Pedro bilen geçirer. Tutluşyk 16-njy aprelde Belfast şäherindäki (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenada» «PFL Belfast» ýaryşynyň çäklerinde guralar.
Ýagşymyradow soňky tutluşygyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «PFL Champions Series 3-de» geçirip, eminleriň biragyzdan beren karary bilen Kori Andersondan asgyn gelipdi. Onuň hasabynda 25 ýeňiş, sekiz ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Pedro bolsa iň soňky gezek 2024-nji ýylyň martynda «UFC Fight Night 238» ýaryşynda oktagona çykyp, Witor Petrinodan eminleriň biragyzdan beren karary esasynda ýeňlipdi. Onuň hasabynda on ýeňiş we bäş ýeňliş bar.