Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

MilliInfo

Düýn — 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda milli mirasymyza, ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi.

Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr.

Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy esasynda ýurdumyzyň bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy strategik derejede yzygiderli ösdürilýär. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bular barada giňişleýin durup geçdiler.

Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetleriň gatnaşmagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde strategik hyzmatdaşlyga taraplaryň ygrarlydygyny tassyklaýar.

Guramanyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sanly özgertmeler arkaly söwdany, ykdysady ösüşi we sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydygyny belledi.

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary aradan aýyrmakda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu işlerde BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň belleýşi ýaly, saglyk bu diňe bir keselleriň ýoklugy bolman, eýsem, durnukly ösüşiň we abadançylygyň hem möhüm binýadydyr.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň işjeň halkara gatnaşyklary, olaryň ählumumy, sebit, ýurtlar boýunça strategiýalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň goşulýandyklary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ylym-bilim ulgamy hem BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Maslahatda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen işler we ony mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada giňişleýin durlup geçildi. Şunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary boýunça tagallalaryň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirildi. Çykyş edenler 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdiler. Maslahata gatnaşyjylar abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.

Maslahatyň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo