Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara beslendi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara beslendi

29-njy sentýabrda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan «Ýanardag» binasynyň deňinden geçdi. Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan «Atly aýlaw» halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär.

Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.

Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň waspynyň söz ýeterden aňyrdadygyny, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhynyň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydygyny belledi. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.

Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr.

Milli Liderimiz çykyşyny bedew hakyndaky goşgy setirleri bilen jemledi.

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,

Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,

Ýüregimde ebedilik aýdym sen,

Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň çägine girip, onuň ahalteke bedewlerini iýmitlendirmek üçin ýörite ekilen alma baglaryny we käşir ekilen meýdany synlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde, toplumyň çäginde oturdylan we onuň esasy bezegleriniň birine öwrülen kebelekleriň şekillerinden döredilen özboluşly Ýer togalagynyň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň heýkeliniň ýanyna geldi. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde paýhasly pederlerimiziň zehininden dörän gadymy «Küştdepdi» aýdymly tans dessury ýaýbaňlandyryldy.

Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekiliň sebitde ilkinji bolup ýerine ýetirilen Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden döredilmeginde çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynyň arasynda, şol sanda türkmen ilinde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanylýar.

Joşgunly çykyşlar tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewini we bedewe degişli güwänamany gowşurdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar atçylyk toplumynyň döwrebap aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň bardygyny bellemek ýakymly. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsir galdyrar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, atşynaslar hem-de köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň Baş girelgesiniň ýanynda ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Hormatly Prezidentimiz joşgunly şatlyk-şowhunyň astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Baş girelgesiniň toý bagyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyz täze toplumyň çägi bilen gidip barşyna onuň baş bezegine öwrülen «Atly ýigit» heýkelini synlady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň çäginde bar bolan athanalary, olarda atlary saklamak üçin niýetlenen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň açyk manežine geldi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň Baş binasyna geldi.

Dabaranyň alypbaryjysy bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 sany atly ýigitleriň gatnaşmagynda dabaraly ýörişiň meýilleşdirilendigini yglan edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabarasyny belende göterjek taryhy wakanyň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzdan bu ýerde geçiriljek dabara badalga bermegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz münberiň öňündäki meýdança geldi we şanly baýramyň hormatyna guralýan 35 sany atly ýigidiň dabaraly ýörişine rugsat berdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň ak paýtunyň üstünde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy bilen dabaraly atly ýöriş başlandy.

Münberiň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň atyň üstündäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşan ýedi sany türkmen alabaýynyň arasyndan has tapawutlananlaryny seçip aldylar.

Soňra gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda toý çapuwy guraldy. Alypbaryjy toý çapuwyna her welaýatdan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlary we çapuwa taýýarlanan bedewleri mälim etdi.

Arkadag şäherinden Daghan atly bedewi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzyň çapjakdygy yglan edildi. Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem münberden düşüp, meýdança geldi, Kerimguly Berdimuhamedow bolsa atasy üçin ýörite seýislän Daghan atly bedewi meýdança getirdi.

Biraz wagtdan toý çapuwyna badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşdyrylýan bedewleriň arasynda yglan edilen toý çapuwy barha gyzyşdy. Öz orunlaryny ýygy-ýygydan çalyşýan bedewleriň hemmesiniň ümzügi ýeňşe tarapdy. Ýöne, durmuş tejribesiniň tassyk edişi ýaly, bäsleşikde ussatlar öňe saýlanýar. Bu gezek hem şeýle boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanmaga berlen täze toplumyň işine özboluşly badalga öwrülen toý çapuwynda ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan bedewini çapan Gahryman Arkadagymyz ýeňiji boldy. Emin agzalary Milli Liderimiziň bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolandygyny yglan etdiler.

Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz münberden düşüp, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady. Ýaş seýis Kerimguly bolsa bedewiň eýerini aýyrdy. Toýa gatnaşýan hormatly ýaşulular ýeňiş gazanan bedewe serpaý ýapdylar.

Dürli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan toý bäsleşiklerinde gazanylan ajaýyp ýeňşiň hormatyna joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Şunda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çapuw ýodasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlary täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara baý boldy.

Şeýle hem bu ýerde türkmen toýlarynyň esasy bezegleriniň birine öwrülen pälwanlaryň tutluşyklaryna badalga berildi. Meýdança çykan pälwanlar türkmen milli göreş sungatynyň ajaýyplyklaryny we sportuň bu görnüşiniň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýandygyny görkezdiler.

Baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň «Sport» teleýaýlymynda täze döredilen «Bedew» gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Paýaýew bilen söhbetdeş boldy. Alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady hem-de ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň bedewleriniň serpaýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra çapuw meýdançasynda türkmen toýy bilen bagly däp-dessurlaryň görkezilişi boldy. Onda her welaýatyň özboluşly aýratynlyklaryna degişli toý dessurlary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrýan tomaşalary görkezildi.

Toý dessurlaryny görkezýän tans we folklor toparlarynyň, toýa gatnaşýan ýaşlaryň sazlaşykly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şunda türkmen toýlarynyň gadymdan gelýän milli däplerine laýyklykda kaşaň bezelen kejebe bagt toýuny tutýan ýaşlaryň ömrüniň iň ýakymly pursatlaryny janlandyrdy. Kaşaň kejebäniň münberiň öňündäki meýdança gelip saklanmagy bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen toý çapyşygynyň baýrakly orunlarynyň ýeňijileri yglan edildi.

Şeýlelikde, toý çapyşygynda Ahal welaýatyna degişli Azamat atly bedew üçünji orna mynasyp boldy. Ony H.Aşyrow çapdy. Ýeňijä «Toyoto Camry» awtoulagy gowşuryldy. Bu ýaryşda ikinji orna Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedew mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda T.Pirmyradow çapdy. Oňa «Toyota Fortuner» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Şanly toýuň hormatyna guralan ussat çapyksuwarlaryň toý çapuwynyň birinji ornuna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda Gahryman Arkadagymyz çapdy. Ýeňijä «Range Rover Sport» awtoulagynyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Şol pursatda dabarany alypbaryjy Gahryman Arkadagymyzdan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýan etdi. Onda toý çapuwynda ýeňijiniň mynasyp bolan Şa serpaýyny Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirmek barada aýdylýar.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Şa serpaýyny — harby bölüme gowşurylan awtoulagy uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdi.

Soňra türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň esasylarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň ýeňşiniň «Toyoto Corolla» awtoulagy bilen sylaglanylýandygy mälim edildi.

Soňra şanly toýuň hormatyna guralan türkmen milli göreşinde ýeňiş gazanan pälwanlary sylaglamak dabarasy boldy. Agramy 80 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen tutluşykda pälwan M.Nurberdiýew, 90 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda G.Hemraýew, 100 kilograma çenli agram derejeli pälwanlaryň arasynda S.Rejepow, agramy 110 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda bolsa A.Allaberdiýew, baş pälwanlaryň arasynda N.Baýdogdyýew ýeňiji boldular. Has tapawutlanan pälwanlaryň geçiren tutluşyklarynda ýeňiş gazananlara ýurdumyzda öndürilen telewizorlar sowgat berildi.

Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda geçirilýän dabaralar behişdi bedewlerimiziň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we atlarymyzyň toý-baýramlarymyzyň esasy bezegine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada birek-birege göwün beren ýaş juwanlaryň durmuş toýuna möhüm ornuň degişli bolandygyny bellemek ýakymly.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlenip, olaryň durmuş toýlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. «Bedew at myrada ýetirýär, döwlet getirýär» diýen paýhasly jümläni mysal getirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary durmuş toýlary bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara toý sowgady hökmünde täze jaýyň açaryny gowşurdy.

Umuman, behişdi künjekde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info