Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hödürleýän hyzmatlarynyň aýdyňlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman sanly çözgütleri yzygiderli ornaşdyrmagyň çäklerinde «Şahsy otag» atly täze müşderi ulgamyny işe girizdi.
Şu gün — 15-nji oktýabrada bolsa birža öz müşderilerine «Şahsy otag» ulgamy netijeli ulanmagyň tertibi boýunça tanyşdyryş okuw sapagyny geçirdi. Bu ýerde ulgam bilen bagly ýüze çykýan sowallara jogaplar berildi.
Ulgam hasaba ýazylmak, şertnamalaryň ýagdaýyny, hasaplaşyklary, maliýe gözegçiligini, habarnamalary çalt görmek üçin dolandyryş panelinden peýdalanmak, hasaby dolandyrmak, habarlaşmak üçin maglumatlary täzelemek, hasabyň howpsuzlygyny sazlamak ýaly mümkinçilikleri hödürleýär.
