Ýakynda ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň gaznasy Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, köp ýyllaryň dowamynda öz öýünde hususy ýygyndylary toplap, ýörite öý muzeýini döreden Maýa Berdigylyjowa tarapyndan gowşurylan täsin we seýrek eserler bilen baýlaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle asylly işiň netijesinde, ýörite hasaba alnan eksponatlaryň uly bölegi — halkymyzyň geçmişdäki durmuşyny şöhlelendirýän öý-hojalyk esbaplary, zähmet gurallary, haly we haly önümleri, milli egin-eşikleriň uly toplumy muzeýimiziň maddy medeniýet gaznasyna tabşyryldy.
Gazna gowşan zergärçilik önümleri taryhy we etnografik taýdan ХIХ asyryň ahyryna, ХХ asyryň başlaryna degişli bolup, zergärçilik sungatynyň ýokary kämillik derejesini alamatlandyrýar. Täze gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda zenanlaryň egme, akdyrma, saçmonjuk, gülýaka hem-de bilezik ýaly bezeg şaý-sepleri hem bar.
Zenanlaryň başgabyny — börügini (topbusyny) bezeýän uly egme zergärçilik sungatynyň iň çylşyrymly we haşamly görnüşleriniň biridir. Ahal we Mary welaýatlarynyň zenanlaryna mahsus bolan bu şaý-sep özüniň ýarym tegelek, ýaý berip duran gurluşy bilen tapawutlanýar. Kümüşden işlenip, ýüzüne hakyk daşlary oturdylan egmeli börük başa geýlende gözellik bermek bilen birlikde, zenan mertebesini beýgeldipdir. Onuň börüge berkidiliş usuly hem ünsüňi çekýär: ene-mamalarymyz alajaly ýüpi börügiň daşyndan aýlap, ony ussatlyk bilen sypmaz ýaly edip berkitmegi başarypdyrlar.
Marynyň zergärçilik we egin-eşik medeniýetine mahsus bolan egmäniň edil aşaky böleginden börüge akdyrma şaýy dakylypdyr. Akdyrmanyň näzik zynjyrlary we oňa düzülen şelpeler bu toplumlaýyn gözelligi has-da kämil görkezýär. Onuň ýany bilen gelen, kümşüň ýüzüne altyn çaýylan saldamly goşma bilezikler, saçgupbadyr saçmonjugyň ýanynda ullakan şelpeli gülýaka hem aýratyn ünsüňi çekýär.
Mahlasy, bu şaý-bezegler muzeý gaznasynyň baýlygyny artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň gözellik dünýäsiniň kämildigini aýdyň görkezýär. Geçmişde ussat zergärlerimiziň ýasan şaý-sepleri şu günki nesiller üçin egsilmez buýsanç çeşmesidir. Bu gymmatlyklar geljekki nesillerimize baý taryhymyzy, sungatymyzy we milli mirasymyzy wagyz etjek gymmatly hazynadyr.
