Şowhunly oýunlar, haýwanlaryň täsin hereketleri we atly çykyşlar: Türkmenistanyň Döwlet sirki size garaşýar

MilliInfo

14 sagat öň

Türkmenistanyň Döwlet sirki 21-22-nji fewralda sagat 18:00-da sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.

Bu ýerde dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dürli haýwanlarynyň täsin hereketleri, esasan hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hödürlener. Şeýle hem «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.

Petekleri «sirk.gov.tm» resmi sahypasyndan onlaýn tertibinde hem alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info