Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň çempionlygy üçin ýene-de Kori Andersonyň garşysyna çykýar

MilliInfo

14 Awgust, 2025

MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow hem-de ABŞ-nyň wekili Kori Anderson ýarym agyr agramda oktagona çykar. Munuň PFL-iň çempionlygy üçin gaýtadan guraljak tutluşykdygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň 3-nji oktýabrda Dubaýda (BAE) geçiriljekdigi guramanyň resmi saýtynda öz beýanyny tapýar.

Bu söweşijileriň ozalky duşuşygy 2021-nji ýylyň aprelinde «Bellator 257» ýaryşynyň çäginde bolupdy. Şonda Anderson üçünji raundda tehniki nokaut bilen üstün çykypdy. Türgenleriň nobatdaky tutluşygy bolsa PFL-de bolar.

Häzire çenli 25 ýeňşe ýeten türkmen türgeni ýedi gezek ýeňlişe sezewar bolupdy we bir duşuşygy deňlikde tamamlapdy.

Amerikaly türgen bolsa 19 ýeňiş, alty ýeňliş hem-de bir geçirilmedik diýlip yglan edilen duşuşyk bilen karýerasyny dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo