Şu gün — 3-nji oktýabrda BAE-niň Dubaý şäherinde «PFL Champions Series 3» ýaryş agşamy geçirilip, onuň iň gyzykly bölegi söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň arasyndaky duşuşyk bolar. Ildeşimiz jogap duşuşygynda güýçli garşydaşyny ýeňmek hem-de çempionlyk adyny goramak isleýär.
PFL-iň şowhunly ýaryş agşamy Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlanar. Ol umumy 12 tutluşygy özünde jemläp, şolaryň 11-njisi Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň arasyndaky duşuşyk bolar. Şeýlelikde, türkmen türgeniniň duşuşygynyň Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Bu duşuşyga haýsy çeşmelerden göni efirde toamaşa edip bileris? Munuň üçin «ESPN+» «Setanta Sports» teleýaýlymlaryndan hem-de «Belet Video» we «Okko sport» platformalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

