Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň nobatdaky ýaryşynyň çäklerinde britaniýaly Simeon Pauelliň garşysyna çykýar.
Tutluşyk 8-nji awgustda säher bilen ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherindäki «Bojangles Coliseum» sport arenasynda geçer. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan duşuşygyň Aşgabat wagty bilen, takmynan, sagat 08:30-da başlamagyna garaşylýar.
Şeýlelikde, «ESPN» teleýaýlymy hem-de ýurdumyzyň «Belet» platformasy bu tutluşygy göni efirde tomaşa etmek mümkinçiligini hödürlär.
Türkmen söweşijisi häzire çenli 35 tutluşyk geçirip, şolaryň 26-syny ýeňiş bilen jemledi. 8 ýeňlişe döz gelen ildeşimiz bir deňlige eýelik edýär. Britan türgeniniň hasabynda bolsa 12 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.
