Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki tutluşygyna sanlyja gün galdy. Ol 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arenada» geçiriljek «PFL Belfast» ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar. Oktagondaky söweş ýarym agyr agram derejesinde bolar.
Häzir Döwletjan liganyň reýtinginde ikinji orny eýeleýär, Pedro bolsa sekizinji basgançakda barýar. Ýene bir bellemeli zat, ozal «UFC-de» çykyş eden awstraliýaly söweşiji PFL-de ilkinji tutluşygyna çykýar.
Döwletjan Ýagşymyradow ozal «ACB» we «ACA» guramalarynyň çempiony bolupdy, 2024-nji ýylda bolsa ýarym agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýeňijisi hökmünde bellige alyndy.
Ildeşimiz ahyrky söweşini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «PFL Champions Series 3» ýaryşynyň çäklerinde geçiripdi. Şonda Döwletjan eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi esasynda amerikaly Kori Andersondan asgyn gelipdi.
Häzir türkmen söweşijisiniň hasabynda 25 ýeňiş, 8 ýeňliş we bir deňlik bar.
Pedro bolsa on ýeňşe eýelik edip bäş ýeňlişe döz gelipdi.