Döwletjan Ýagşymyradowyň tutluşygy golaýlaýar

MilliInfo
Döwletjan Ýagşymyradowyň tutluşygy golaýlaýar

MMA garyşyk söweş sungatlarynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky synagyna güçli depginde taýýarlanýar.

«PFL» guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýän ildeşimiziň garşydaşy şol reýtingiň bäşinji basgançagynda ýerleşen iňlis söweşijisi Simeon Pauell bolar.

Olar 31-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitindäki «UBS Arena» sport toplumynda geçiriljek «PFL New York» ýaryşynda oktagona çykarlar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen söweşijisi ahyrky tutluşygyny 16-njy aprelde awstraliýaly Taýson Pedronyň garşysyna geçiripdi. Şonda eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňşini dabaralandyrypdy.

Türkmen türgeniniň sport ýoluny diňe bir ýeňişler däl, eýsem, taryhy üstünlikler hem bezeýär. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýy birinji raundyň 58-nji sekundynda nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk guşagyny eýeläpdi.

Ildeşimize nobatdaky duşuşygynda hem üstünlik arzuw edýäris!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info