Dronlar futbol oýnaýar: Noýabrda olaryň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler

MilliInfo

30 Iyul, 2025

Dronlaryň üsti bilen birnäçe işiň ýerine ýetirilýändigini bilýäris. Asmandan surata düşürmek, wideoýazgy etmek, sargytlary tiz eltip bermek, agramly ýükleri daşamak, barmasy kyn bolan ýerlere barmak we gözegçilik etmek, yzarlamak hem-de oba hojalygynda dökünleri sepmek... Bu sanawy ýene-de uzaltmak mümkin. Biziň häzirki gürrüňimiz bolsa dronlaryň işi däl-de, olaryň futboly hakynda. Hytaý tehnologiýa babatda haýran galdyrmagyny dowam edýär. Ol diňe tehnikalary öndürmek däl, eýsem, ulanylyş gerimini giňeltmek babatda hem uly tagallalary durmuşa geçirýär.

Şu ýylyň 15—18-nji noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde dünýäde ilkinji gezek Halkara Awiasiýa federasiýasy (FAI)  tarapyndan «Dron futboly boýunça dünýä çempionaty» geçiriler. Oňa FAI agza döwletleriň 30-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu täze nesil sport görnüşi awiasiýa bilen tehnologiýanyň birleşmeginiň netijesinde döredildi. Bu innowasion oýnuň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapmagyna garaşylýar. Şanhaýyň merkezindäki stadionlaryň birinde bu oýun üçin ýörite 2 meýdança taýýarlanylyp, ol ýaryşa 45 müň adamyň bir wagtda tomaşa etmegine mümkinçilik döreder.

Dron futboly döredilende, adaty futboldan ylham alyndy. Bu sportda oýunçylar meýdançada däl-de, uçýan dronlar bilen çykyş edýär. Futbol topunyň deregine içi mehanizmli dron ýa-da robot hereket eder. Eger, topa zeper ýetse, ony çalyşmak üçin ätiýaç toplar bolar. Her toparda 3 ýa 5 dron uçuryjy bolar. Meýdançada goluň geçendigi tassyklaýan LED çyralar we ekranlar bolup, oýnuň hasabyny ýöredýän awtomatiki ulgam ornaşdyrylar. Oýunçylar öz derwezelerini gorap, garşy tarapyň derwezesine ýörite dron-topy salmak üçin göreşerler. Bu sport görnüşi ussat uçuş tehnikalaryny, çalt refleksleri we toparlaýyn taktiki aýratynlyklary özünde jemleýär. «Garri Potter» filmindäki sporty ýadyňa salýan bu oýunda gorag ähmiýetli başgaplar hem ulanylar. Oýnuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, dronlaryň oýun wagty sagatda 50 km tizlikden ýokary tizlikde uçmagy gadagan edilýär. Oýun meýdançasy bilen tomaşaçylaryň aralygy bolsa iň azyndan 10 metr bolar. Oýna gatnaşýan dron uçuryjylaryň FIA tarapyndan ýörite kurslary tamamlan bolmagy hökmanydyr.

Çempionat iki derejede geçiriler: F9A-A (uly meýdan we güýçli dronlar üçin) we F9A-B (kiçi meýdan, taktiki oýunlar üçin). Ilkinji gezek geçirilýän bu çempionata zenanlaryň hem gatnaşyp bilýändigini bellemek gerek.

FAI-niň Prezidenti Greg Prinsipato bu barada şeýle diýdi: «Dron futboly dünýäniň iň çalt ösýän sport görnüşleriniň biridir. Şanhaýdaky çempionat bu sportuň dünýä derejesindäki ilkinji resmi ýaryşy bolup, onuň ösüşiniň başlangyjy bolar».

Çempionatyň çäginde köpçülikleýin çäreler hem geçiriler. Myhmanlar dron futbolyny synap görüp, täze awiasiýa tehnologiýalary bilen tanşyp, interaktiw sergilerden lezzet alyp bilerler. Iň esasy zat hem, bu çempionatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryndaky dronly şüweleňleriň adamlary haýran galdyrmagyna garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info