17-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara saparlar yzygiderli guralýar. Munuň özi hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi.
Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldap, oňa sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Halkara giňişlikde ýurtlarymyz BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar ähli gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edip, dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky çuňňur syýasy ynamy tassyklaýar.
Energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy binýady bolup durýar. Häzirki döwrüň ägirt uly inženerçilik desgasy bolan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün edýär.
Ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna öwrüldi. Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýalary Diýarymyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk «akylly» şäherleri dolandyrmak ulgamyna, senagat önümçiligine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmak üçin berk binýady döredýär. Saglygy goraýyş, ekologiýa boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bilelikdäki taslamalar iki ýurduň hem geljek nesilleriniň abadan durmuşyny üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.
...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Şoudu» Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.