«Megacampus Summit»: Dubaý ähmiýetli foruma taýýarlanýar — Jeýms Kemeron, Robert Grin hem-de Magnus Karlsen bir sahnada

MilliInfo

6-7-nji martda Dubaýyň meşhur «Coca-Cola Arena» stadionynda sekizinji halkara «Megacampus Summit» forumy geçiriler. Bu çäräniň dünýäniň dürli künjeginden 13 müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemläp, ýylyň iň uly intellektual forumy bolmagyna garaşylýar.

Moskwadan dünýä rekordlaryna çenli

Sammitiň taryhy 2015-nji ýylda Moskwada başlandy. Grigoriý Awetow we Habib Nurmagomedow tarapyndan esaslandyrylan bu taslama on ýylyň içinde tejribe alyşmak üçin global platforma öwrüldi. 2024-nji ýylyň dekabrynda geçen ozalky «Megacampus» forumy telekeçilik maslahatlarynyň arasynda gatnaşyjylaryň sany boýunça dünýä rekordyny goýupdy. Guramaçylar mart aýynda boljak forumyň bilim we biznes pudagynyň «№1 wakasy» hökmündäki statusyny has-da berkitmegini gazanmagy maksat edinýärler.

Çykyş etjek ýyldyzlar

Sammitiň maksatnamasy iki günlük intensiw okuwlara niýetlenendir. Her bir spiker bir sagatlyk sessiýa geçirer (45 minutlyk çykyş we 15 minut sowal-jogap). Şu ýyl forumyň sahnasynda dünýäniň iň meşhur şahsyýetleri çykyş eder:

  • Jeýms Kemeron — meşhur režissýor («Awatar», «Titanik»), wizioner we nowator;

  • Robert Grin — dünýä belli «Häkimiýetiň 48 kanuny» we «Ussatlyk» kitaplarynyň awtory;

  • Magnus Karlsen — häzirki döwrüň iň beýik küştçüsi, birnäçe gezek dünýä çempiony;

  • Wim Hof — rowata öwrülen «Buzly adam», 26 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýä rekordçysy;

  • Deýw Ulrih — HR we biznes-liderlik ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy eksperti.

Göwrümi we networking

Sammit dünýä derejesindäki işewürlik gatnaşyklarynyň (networking) merkezine öwrüler. Çärä 1000-den gowrak meşhur blogeriň we dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdelerinden 300-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna garaşylýar. «Platinum» derejeli biletleriň eýeleri üçin aýratyn maksatnama — dabaraly Gala-agşamda spikerler we myhmanlar bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik mümkinçiligi dörediler.

Türkmenistanyň telekeçileri üçin mümkinçilikler

«Megacampus Summit Dubai» forumy Türkmenistanyň biznes wekilleri üçin diňe bir bilim meýdançasy bolman, eýsem, dünýä bazaryna çykmak üçin strategik penjiredir. Sammitde gatnaşmak şu aşakdaky mümkinçilikleri döredýär:

  • BAE-niň we beýleki ýurtlaryň maýadarlary hem-de hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyk gurmak;

  • Dünýä liderlerinden biznesi giňeltmegiň iň täze strategiýalaryny öwrenmek;

  • Milli brendleri mahabatlandyrmak üçin dünýä KHBS-leriniň ýüzlerçesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak.

Öz biznesiňizi global derejede tanatmak mümkinçiligini elden bermäň. Ýerleriň sany çäklidir, «Business» derejeli biletler eýýäm satyldy — gatnaşjakdygyňyzy şu gün tassyklaň we biletleri bronlaň!

Gatnaşyk derejeleri we bahalar

Häzirki wagtda gatnaşmak üçin aşakdaky görnüşler elýeterlidir:

  • Light — 60 $: sammitiň esasy maksatnamasyna elýeterlilik.

  • Standard — 130 $: işjeň gatnaşyjylar üçin iň amatly saýlaw.

  • VIP — 1 800 $: giňişleýin mümkinçilikler we aýratyn orunlar.

  • Platinum — 15 000 $: iň ýokary status, Gala-agşama we After-party çäresine gatnaşyk.

Hasaba durmak, giňişleýin maglumat almak we biletleri satyn almak üçin aşakdaky salgylar boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Telefon: +993 65 170580

Instagram: @yola_rowana

Tik Tok: @yola.rowana

Ofisiň salgysy:

Aşgabat ş., 14-nji tapgyr, Gurbannazar Ezizow köçesi (öňki Sowhoznaýa), «Asuda Asman» binasy, binanyň arka tarapy, 1-nji gat.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info