7-nji dekabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde wagty süýşürilen duşuşyk geçirildi. Balkanabat şäherinde bolan bu oýunda ýerli «Nebitçi» topary «Ahaly» kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 0:3 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.
«Ahalyň» düzüminde hüjümçi Elman Tagaýew 43-nji we 50-nji minutlarda (11 m.j.u.) tapawutlandy. Toparyň ýene bir goluny 37-nji minutda hüjümçi Enwer Annaýew öz adyna ýazdyrdy.
Gazanylan ýeňişden soň «Ahal» üçünji orunda barýan «Altyn Asyr» bilen utuk aratapawudyny bäşe çykardy.
Häzirki wagtda geçirilen oýunlaryň netijesi boýunça ýaryş tertibinde 78 utuk bilen «Arkadag» futbol kluby öňdeligi saklaýar. Ikinji orunda 52 utuk bilen «Ahal», üçünji basgançakda bolsa 47 utugy bolan «Altyn Asyr» ýerleşýär.
