Türkmen dizaýnerleriniň «Ganatly Zaman» kolleksiýasy 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň çäginde geçirilen «Urban Nomad» halkara etno-moda bäsleşiginde köpçülige hödürlendi.
Şu ýyl moda ilkinji gezek giň gerimli sport-medeni forumynyň resmi maksatnamasyna girizildi. Bu çäre Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň wekillerini goşmak bilen, 10-dan gowrak döwletden zehinli moda dizaýnerlerini bir ýere jemledi.
Çäräniň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan türkmen dizaýnerleriniň bilelikdäki kolleksiýasynyň görkezilişi boldy. Kolleksiýanyň awtorlary halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna we baý medeni mirasyna ussatlyk bilen täzeçe öwüşgin berip, taryhy mirasy häzirki zaman moda münberiniň döwrebap ugurlary bilen utgaşdyrdylar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle taslamalar geçmiş bilen geljegi birleşdirýän kuwwatly köpri bolup hyzmat edýär. Olar ýaş ussalara halkara derejesinde özlerini tanatmaga, şeýle hem milli özboluşlylyga täze, ylham beriji öwüşgin çaýmaga giň mümkinçilik döredýär.
