Dünýä çempionaty – 2026 üç döwletde — ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçer. Şunlukda, eýýäm çempionata 48 milli ýygyndynyň 42-si kesgitlendi.
Nobatdaky futbol baýramçylygynyň Demirgazyk we Merkezi Amerika (KONKAKAF) boýunça saýlama tapgyry jemlendi. Ýeri gelende bellesek, bu sebitden Panamanyň, Kýurasaonyň hem-de Gaitiniň milli ýygyndylary dünýä çempionatynyň final bölegine göni gatnaşmak hukugyna eýe boldy, Surinam bilen Ýamaýka bolsa yklymlar arasyndaky pleý-off tapgyrynda çykyş etleli bolar.
Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan 42 ýygyndy şulardan ybarat:
Ýer eýeleriniň milli ýygyndylary: ABŞ, Meksika, Kanada
Ýewropa: Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa
Demirgazyk / Merkezi Amerika (KONKAKAF): Panama, Kýurasao, Gaiti
Günorta Amerika (KONMEBOL): Argentina, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý, Kolumbiýa, Paragwaý
Aziýa: Eýran, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Katar, Iordaniýa, Özbegistan
Afrika: Alžir, Tunis, Müsür, Gana, Marokko, Kabo-Werde, Kotto-d’Iwuar, Senegal, Günorta Afrika (ÝAR)
Awstraliýanyň milli ýygyndysy Aziýanyň, Täze Zelandiýa bolsa Okeaniýanyň saýlama tapgyryndan çempionatyň final bölegine çykdy.
Çempionatda çykyş etjek ýygyndy toparlaryň galan altysy geljek ýylyň martynda kesgitlener.
