Dünýä çempionaty – 2026-nyň 1/4 finalynyň geçiş tertibi: nobatdaky tapgyrda Ýewropanyň alty ýygyndysy çykyş eder

MilliInfo

1 sagat öň

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 1/4 finalynyň geçiş tertibi: nobatdaky tapgyrda Ýewropanyň alty ýygyndysy çykyş eder

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/4 finalyna Ýewropanyň alty topary gatnaşar: Fransiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Norwegiýa, Angliýa we Şweýsariýa. Afrika yklymyna diňe Marokkonyň ýygyndysy, Günorta Amerika bolsa Argentinanyň milli ýygyndysy wekillik eder. Çärýek finalyň duşuşyklaryna 9-njy iýulda penşenbe güni badalga berler.

Dünýä çempionaty — 2026-nyň 1/4 finalynyň jübütleri (Aşgabat wagty bilen):

  • 10-njy iýul, 01:00. Fransiýa — Marokko;

  • 11-nji iýul, 00:00. Ispaniýa — Belgiýa;

  • 12-nji iýul, 02:00. Norwegiýa — Angliýa;

  • 12-nji iýul, 06:00. Argentina — Şweýsariýa.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info