Dünýä çempionaty – 2026-nyň birinji finalçysy kesgitlendi: Ispaniýa bassyr üçünji ýarym finalda Fransiýany ýeňdi

MilliInfo

1 sagat öň

Dünýä çempionaty – 2026-nyň birinji finalçysy kesgitlendi: Ispaniýa bassyr üçünji ýarym finalda Fransiýany ýeňdi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Arlington şäherindäki «AT&T» stadionynda geçirilen ýarym final duşuşygynda Fransiýany 2:0 hasabynda ýeňip, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy boldy. Ispanlar iri halkara ýaryşlarynyň ýarym finallarynda fransuzlara garşy geçiren soňky üç oýunda hem ýeňiş gazanmagy başardylar.

Ýeri gelende bellesek, Ýewro-2024-de Luis de la Fuenteniň şägirtleri «üç reňklileri» 2:1 hasabynda ýeňipdiler, şondan bir ýyldan soň bolsa, Milletler ligasynyň (2025) ýarym finalynda Ispaniýa Deşamyň toparyndan 5:4 hasabynda üstün çykypdy.

Şunlukda, Oýarsabalyň 22-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmegi hem-de Porronyň 58-nji minutda geçiren goly ispan ýygyndysynyň ynamly ýeňşini şertlendirdi.

Ispaniýanyň ýygyndysy şu gezekki dünýä birinjiliginiň finalynda Argentina bilen Angliýanyň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar.

Argentina bilen Angliýanyň duşuşygy şu agşam 00:00-da başlanýar. Oýna «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymyndan göni efirde tomaşa edip bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info