«Dünýä çempionaty – 2026-nyň» geçiş tertibi: Türkiýe 24 ýyldan soň dolansa, Italiýa bassyr üçünji gezek final tapgyra çykyp bilmedi

MilliInfo

1 sagat öň

Futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylaryň 48-si hem belli boldy. Çempionata gatnaşmaga hukuk gazanan ahyrky toparlar hökmünde Kongo Demokratik Respublikasynyň hem-de Yragyň ýygyndylary bellige alyndy.

Ilki bilen, ýygyndylaryň haýsy toparçada çykyş etjekdigine hem-de çempionatyň geçiş tertibine seredeliň:

  • A toparça: Meksika, GAR (Günorta Afrika Respublikasy), Koreýa, Çehiýa;

  • B toparça: Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Katar, Şweýsariýa;

  • C toparça: Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa;

  • D toparça: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe;

  • E toparça: Germaniýa, Kýurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador;

  • F toparça: Niderlandlar, Ýaponiýa, Şwesiýa, Tunis;

  • G toparça: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa;

  • H toparça: Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystany, Urugwaý;

  • I toparça: Fransiýa, Senegal, Yrak, Norwegiýa;

  • J toparça: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa;

  • K toparça: Portugaliýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Özbegistan, Kolumbiýa;

  • L toparça: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama.

Dünýäniň häzirki çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr. Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy, şeýle hem öz toparçasynda üçünji orny eýelän iň gowy sekiz ýygyndy topar geçer.

Dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda Meksikanyň we GAR-yň milli ýygyndylary duşuşarlar. Oýun 11-nji iýunda Mehiko şäherindäki «Assteka» stadionynda geçiriler.

ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek dünýä çempionatynyň final tapgyry 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam eder.  

24 ýyllyk arakesmeden soň: Türkiýe ýene-de dünýä çempionatynyň final tapgyrynda

Türkiýe 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunlukda, türk ýygyndysy «C» ugrunyň jemleýji saýlama (pleý-off) oýnunda Kosowonyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, çempionatyň final bölegine çykdy.

Türkiýäniň ýygyndy topary gatnaşan iň soňky dünýä çempionatynda ýarym finala çenli barypdy we şol ýerde Braziliýanyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn gelipdi. Üçünji orun ugrundaky oýunda bolsa türk ýygyndysy ýaryşyň ýer eýeleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen duşuşyp, 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

2002-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty türk futbolynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylypdy. Çünki dünýäniň iň iri futbol baýramçylygynda bürünç medala eýe bolmagy bu ýygyndynyň mümkinçilikleriniň diýseň uludygyny görkezdi. Türkiýäniň milli ýygyndy topary nobatdaky çempionatda hem şeýle derejede çykyş edip bilermikä?

Italiýanyň ýygyndysy bassyr üçünji gezek dünýä çempionatyna çykyp bilmedi

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy yzygiderli üçünji gezek dünýä çempionatynyň final tapgyryndan mahrum galdy. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek Dünýä çempionaty 2026-a gatnaşmak ugrundaky pleý-off tapgyrynyň finalynda Jennaro Gattuzonyň şägirtleri Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysyndan asgyn geldi — 1:1 (penaltiler boýunça 1:4).

Mundan ozal italiýalylar 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynyň hem saýlama tapgyryndan geçip bilmändiler. Italiýa üçin iň soňky dünýä birinjiligi 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen dünýä çempionaty bolup galýar. Şonda topar Kosta-Rika, Urugwaý we Angliýa bilen birlikde, «D» toparçada çykyş edip, 1/8 finala çykyp bilmändi.

Bosniýalylar bolsa taryhda ikinji gezek dünýä çempionatynda oýnarlar. Olaryň gatnaşan ilkinji ýaryşy hem 2014-nji ýyldaky Braziliýadaky dünýä çempionaty bolupdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info