Dünýä çempionaty – 2026: Şu gije sabyrsyzlyk bilen garaşylan futbol baýramçylygy başlanýar

MilliInfo

2 sagat öň

Şu agşam — 12-nji iýuna geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 00:00-da 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji oýny başlanýar. Çempionat 19-njy iýula çenli Kanada, ABŞ we Meksikada geçiriler.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty täze formatda geçiriler. FIFA-nyň futbolyň çäklerini ählumumy derejede giňeltmek baradaky maksatnamasynyň çygrynda ýaryşyň final tapgyrynda birbada 48 ýygyndy topar çykyş eder. Deňeşdirme üçin aýtsak, 1998 — 2022-nji ýyllar aralygyndaky dünýä çempionatlarynyň aýgytlaýjy tapgyryna 32 topar gatnaşýardy.

Oýunlar 16 şäherde geçiriler. ABŞ-daky duşuşyklar Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anjeles, Maýami, Nýu-Ýork, Filadelfiýa, San-Fransisko we Sietl şäherlerinde bolar. Meksika Gwadalahara, Mehiko we Monterreý şäherleri, Kanada bolsa Toronto we Wankuwer şäherleri bilen wekilçilik eder.

Biz çempionatyň toparçadaky tapgyrynyň geçiş tertibini ýokardaky suratlaryň üsti bilen hödürleýäris. Bu siziň degişli maglumatlary smartfonlaryňyza ýa-da kompýuterleriňize ýüklemegizde hem-de zerur bolanda aňsatlyk bilen gerekli oýnuň wagty bilen tanyşmagyňyzda ýeňillikleri döreder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info