Toparçadaky ikinji tapgyr jemlendi: utuk ýitirmedik we asla utuk toplap bilmedik ýygyndylar

MilliInfo

3 sagat öň

Toparçadaky ikinji tapgyr jemlendi: utuk ýitirmedik we asla utuk toplap bilmedik ýygyndylar

Dünýä çempionaty 2026-nyň toparçalaryndaky ikinji duşuşyklar tamamlandy. Iki tapgyrdan soň diňe ýedi milli ýygyndy oýunlarynyň ikisinde-de ýeňiş gazandy.

Bu sanawa Meksika (GAR bilen 2:0 we Koreýa Respublikasy bilen 1:0), ABŞ (Paragwaý bilen 4:1 we Awstraliýa bilen 2:0), Germaniýa (Kýurasao bilen 7:1 we Kot-d’Iwuar bilen 2:1), Fransiýa (Senegal bilen 3:1 we Yrak bilen 3:0), Norwegiýa (Yrak bilen 4:1 we Senegal bilen 3:2) hem-de Argentina (Alžir bilen 3:0 we Awstriýa bilen 2:0) girdiler. Şu gün Kongo Demokratik Respublikasyndan üstün çykan Kolumbiýa hem olara goşuldy (olar mundan ozal Özbegistany 3:1 hasabynda ýeňipdiler).

Dünýä çempionatyna gatnaşýan sekiz ýygyndy bolsa iki tapgyryň dowamynda hiç hili utuk toplap bilmediler: bular Türkiýe, Gaiti, Tunis, Senegal, Yrak, Özbegistan, Iordaniýa we Panama.

Türkiýe, Tunis, Gaiti, Iordaniýa we Panama eýýäm pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiliginden mahrum boldular. Bu ýygyndylaryň galanlary bolsa heniz toparçada üçünji orny eýelän iň netijeli toparlaryň hatarynda indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini özlerinde saklap galýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info