Dünýä çempionatynyň çärýek finalynyň birinji duşuşygynda Fransiýanyň milli ýygyndysy Marokkanyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň «Boston Stadium» stadionynda geçirildi.
Mbappe ýene-de sahnada: 8-nji goly ony iň netijeli oýunçylaryň sanawynda Messi bilen deňleşdirdi
Oýnuň ilkinji minutlarynda Fransiýa topy özünde saklamakda uly artykmaçlyk görkezdi. Marokkanyň goragy uzak wagtlap garşylyk görkezse-de, 60-njy minutda toparyň kapitany Kilian Mbappe uzak aralykdan geçiren dürs urgusynyň esasynda hasaby açdy. Bu onuň dünýä çempionatyndaky 8-nji goly boldy.
66-njy minutda bolsa Usman Dembele ikinji goly geçirip, Fransiýanyň artykmaçlygy görkezdi — 2:0.
Marokka bu duşuşykda goragyň ýokary derejesini görkezmäge çalyşdy. Derwezeçi Ýasin Bununyň howply pursatlaryň ençemesine böwet bolmagy afrikalylary ýarym finala ýetirmek üçin ýeterlik bolmady.
Şu ýeňşiniň esasynda Fransiýa bassyr üçünji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Topar ini Ispaniýa bilen Belgiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.
